Neýroulgamlar adam gatnaşmazdan, özbaşdak emeli aňyň gurallaryny döretmegi öwrendiler

19.12.2023, 12:485,435

Kuwwatly emeli aň ulgamlary özlerini awtomatiki usulda ösdürip, has gowşak neýro ulgamlary işläp düzüp bilýärler. Bu barada Massaçusets Tehnologiýalar institutynyň we Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary habar berdiler.

Alymlaryň bellemeklerine görä, emeli aň heniz çylşyrymlylygy we mümkinçilikleri boýunça esasy algoritm bilen deňeşdirip boljak ulgamlary döretmäge ukyply däl. Şeýle-de bolsa, olar ýüzleri we sesleri tanamak ýa-da kofe enjamlarynyň, telewizorlaryň, howur peçleriň we beýleki hojalyk tehnikalarynyň işini dolandyrmak ýaly ýönekeý meseleleri çözýän sada akylly gurallary döretmäge ukyplydyrlar.
Alymlar şeýle kiçijik emeli aňyň az serişdäni sarp edýändigini, olary işläp düzmegiň örän arzandygyny we olaryň islendik elektron enjamy diýen ýaly «akylly» edip biljekdigini bellediler.

«Geljekde iri we kiçi neýro ulgamlaryň hyzmatdaşlyk edip, doly hukukly akylly ekoulgamy döretjekdiklerine ynanýarys» diýip, Dewisdäki Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Ýubeý Çen belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.