Apple kazyýetiň karary esasynda täze akylly sagatlaryny ABŞ-da satmagyny bes eder

20.12.2023, 14:468,721

Apple korporasiýasy hepdäniň ahyryna çenli ABŞ-da Apple Watch Series 9 we Watch Ultra 2 akylly sagatlaryny satuwdan aýrar. 21-nji dekabrdan başlap gurluş onlaýn dükanlardan  ýiter, üç günden soň bolsa olar ownuk söwda nokatlaryndan hem aýrylar.

Bu korporasiýanyň ganda kislorodyň derejesini ölçemek tehnologiýasy üçin patent babatynda kazyýet işi bilen baglanyşyklydyr. ABŞ-nyň Halkara söwda komissiýasy (ITC) Masimo kompaniýasynyň tarapynda durdy, bu hem Apple-iň şeýle hereketiniň sebäbi boldy.
Apple Watch Series 9 akylly sagatlary 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda hödürlendi. Gurluşyň täze wersiýasy Series 8-den 30% kuwwatly boldy, iPhone gözleg funksiýasyna, Siri-niň has kämil wersiýasyna hem-de iki gurluş biri-biriniň golaýynda ýerleşende Watch OS 10-a kontaktlary aragatnaşyksyz geçirmek mümkinçiligine eýe boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.