RF-iň prezident saýlawlary ilkinji gezek onlaýn ses bermegi ulanmak arkaly geçiriler

22.12.2023, 13:045,101

2024-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek Russiýanyň prezident saýlawlarynda ilkinji gezek onlaýn ses bermek tejribesi ulanylar. Saýlawlar üçin uzak aralykdan elektron ses berişlik ýurduň 29 sebitinde geçiriler. Bu barada Merkezi saýlaw komissiýasynyň (MSK) metbugat gullugy öz Telegram kanalynda habar berdi diýip, Regnum habarlar agentligi belleýär.

“Uzak aralykdan elektron ses berişligi geçirmekde tejribesi bolan 30 sebitden 28 sebit ony geçirmek üçin arza iberdi. Şeýle-de, öň uzak aralykdan elektron ses berişligi geçirmedik Wologod sebitinden hem arza gelip gowuşdy” – diýip, MSK-nyň başlygy Ella Pamfilowa belledi.

MSK-nyň başlygynyň aýtmagyna görä, onlaýn ses berişlige 38 mln saýlawçy gatnaşyp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.