Messi Nadala 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geýen köýnekçesini sowgat berdi

22.12.2023, 13:2015,563

Argentinanyň milli ýygyndysynyň we Demirgazyk Amerikanyň Esasy futbol ligasynyň (MLS) «Inter Maýami» toparynyň futbolçysy Lionel Messi ispaniýaly tennisçi Rafael Nadala Katarda geçirilen 2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynda geýen köýnekçesini sowgat berdi.

Nadalyň akademiýasynyň «X» sosial ulgamynda ýazan hatynda: «Dünýä çempionatynda ýeňiji bolanyndan bir ýyl soň, Leo Messi Rafael Nadala bu ýörite köýnekçäni sowgat berdi, ol eýýäm muzeýimizde sergilenýär» diýlip bellenilýär.
2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň finalynda Argentina Fransiýany ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, goşmaça wagtda toparlar hersi bir pökgi geçirdiler we penalti urgulary tapgyrynda Argentinanyň milli ýygyndysy has güýçli geldi – 4:2. Messi iki pökgä adyny ýazdyrdy we 11 metrlik urgular tapgyrynda bir gol saldy.
37 ýaşyndaky Nadal «Uly tuwulganyň» 22 gezek, «Rolan Garros» ýaryşynyň bolsa rekord derejede 14 gezek ýeňijisidir.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.