Windows 11 faýllary pozmazdan özüni täzeden gurmagy öwrendi

28.12.2023, 14:397,682

Microsoft ahyrsoňy Windows-a köpden bäri garaşylýan zady girizdi: Windows 11 kompýuterdäki ähli ulanyjy faýllaryny ýatda saklap, özüni täzeden gurmagy öwrendi. Täze aýratynlyk OS-yň beta wersiýasynda amala aşyrylýar.

Windows 11-i faýllary we sazlamalary ýatda saklamak bilen ozalam täzeden gurup bolýardy, ýöne Media Creation Tool-y ulanyp, bu işi ýerine ýetirmek beýlebir aňsadam däl.
“Windows täzelenme merkeziniň kömegi bilen näsazlyklary düzeltmek” aýratynlygy Windows täzelenme merkeziniň kömegi bilen Windows 11-i täzeden gurýar. OS-yň beta wersiýasynda bu opsiýa “Sazlamalar”/“Ulgamy dikeltmek” bölüminde ýerleşýär, emma ol hemme ulanyjyda işjeň däl.
Windows 11-iň sarp ediji wersiýasynda täze aýratynlyk 2024-nji ýylyň fewral-mart aýlarynda garaşylýan Windows 11 Moment 5 täzelenmesi bilen peýda bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.