Russiýa GDA-da başlyklyk edip başlady

04.01.2024, 12:599,906

Russiýa 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip başlady. Guramada başlyklyk Gyrgyzystandan Russiýa geçdi.

Öň, RF-niň Prezidenti Wladimir Putin ykdysady gurşawda ýurduň özara hasaplaşyklarda milli walýutalara has işjeň geçmek boýunça işleri dowam etdirmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy.
Şeýle-de, ol GDA ýurtlarynyň terrorçylyga we ekstremizme, serhetüsti jenaýatçylyga we neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, korrupsiýa garşy göreşde bilelikdäki işleriniň möhümdigini belledi.

Bulardan başga-da, Russiýa medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge, saglygy goraýyş, ylym, bilim we sport pudagynda hyzmatdaşlyga ünsi jemlär. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.