Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek halkara olimpiadalary belli boldy

06.01.2024, 22:3714,938

2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalaryň birnäçesini hem-de ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek meýilleşdirilýär.

6-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer N.Amannepesow olimpiadalaryň tertibi barada habar berdi.
Bellenilişi ýaly, şu ýylyň 3-8-nji martynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň arasynda IV Açyk halkara matematika olimpiadasyny, 15-20-nji aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde talyplaryň arasynda  II Açyk halkara informatika olimpiadasyny hem-de 19-njy aprelde bu ýokary okuw mekdebinde informatika dersi boýunça meýilleşdirilýän bäsleşigiň çäklerinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary”  atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergini geçirmek göz öňünde tutulýar.
Agzalan olimpiadalara ýurdumyzyň gujur-gaýratlaryny, zehin-başarnyklaryny ylma we döredijilige bagyş edýän türkmen talyp ýaşlary bilen bir hatarda Russiýa Federasiýasynyň ABŞ-nyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Türkiýäniň, Belarusuň, Italiýanyň, Özbegistanyň we Gazagystanyň, şeýle hem beýleki onlarça döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem işjeň gatnaşmaklaryna garaşylýar.
Bu halkara olimpiadalarynda ýeňiji bolan talyplary dürli derejeli medallar we diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.
Daşary ýurtly talyplar ýurdumyzyň  ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlar üçin döredilýän döwrebap şertler hem-de bilim işiniň guralyşy bilen ýakyndan tanyşdyrylar, Aşgabadyň gözel ýerlerine gezelençler guralar.  

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.