Volkswagen awtoulaglaryna ChatGPT ses kömekçisi ornaşdyrylar

10.01.2024, 17:386,281

Volkswagen ID.7, ID.4, ID.5, ID.3, täze Volkswagen Tiguan, Passat we Golf ýaly birnäçe täze modellerinde IDA ses kömekçisi bilen bilelikde ChatGPT ulanmagy meýilleşdirýär. Ferra bu barada Engadget-e salgylanyp habar berýär.

Bilermenleriň ýazmagyna görä, bu aýratynlyk 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde köp awtoulag üçin standart bolar. Ses kömekçisiniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak, sürüji bilen gatnaşygy has içgin we tebigy etmek üçin emeli aň giriziler.
Kompaniýanyň ses kömekçisi eýýäm maglumat-güýmenje ulgamyna, nawigasiýa we klimat-kontrola gözegçilik etmäge ukyply, ýöne ChatGPT işini giňelder, gepleşikleri baýlaşdyrar we özara gatnaşyklary has düşnükli eder.
Volkswagen ChatGPT-nyň anonimdigini we ulagyň maglumatlaryna girip bilmeýändigini aýtdy. Ähli maglumatlar derrew pozular.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.