Türkmenistanda gysga möhletli okuwlarda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär

22.01.2024, 15:3519,779

19-njy ýanwarda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezinde eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk toparynyň Guramaçylyk topary bilen bilelikdäki maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň saýtynda habar berilýär.

Utgaşykly görnüşde geçirilen maslahata Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň eýeçiligiň görnüşine garamazdan ähli görnüşdäki gysga möhletli okuwlary guraýan bilim edaralarynda okaýanlaryň arasynda daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşigini geçirmek boýunça Merkezi guramaçylyk toparynyň hem-de Guramaçylyk toparynyň agzalary gatnaşdylar.
Maslahatyň barşynda meýilleşdirilýän daşary ýurt dilleri boýunça Döwlet bäsleşiginiň ugurlaryny we ýumuşlarynyň taýýarlanyş düzgünleri kesgitlenildi, şeýle-de Döwlet bäsleşigini geçirmegiň beýleki guramaçylyk meseleleri ara alyp maslahatlaşyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.