Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdiler

24.01.2024, 14:419,962
1 / 2

22-nji ýanwarda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary Soka Uniwersitetiniň rektory, «Nippon» gaznasynyň başlygy we Ýaponiýanyň dürli ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary bilen gepleşikleri geçirdiler.

Gepleşikleriň dowamynda indiki resminamalara gol çekildi:

  • - Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Ýaponiýanyň Soka Uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
  • - Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti bilen Ýapon-türkmen ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk assosiasiýasynyň arasynda innowasion tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.