HP emeli aň bilen enjamlaşdyryp, kompýuter pudagyny düýpgöter üýtgetmek meýilnamalaryny yglan etdi

28.01.2024, 16:194,237

Şu ýyl satuwa çykjak HP personal kompýuterleriniň täze kategoriýasy ýöriteleşdirilen emeli aň çipleri bilen enjamlaşdyrylar. Bu barada HP-iň baş direktory Enrike Lores Bütindünýä ykdysady forumda aýtdy diýip, Inc. habar berýär.

Lores: "Bu 20 ýyl mundan ozal oýlanyp tapylandan bäri kompýuter pudagynda bolup geçen iň uly üýtgeşmeleriň biri bolup biler" - diýdi.

Mälim bolşy ýaly, emeli aň bilen işlemek mikroprosessorlardan köp energiýany talap edýär we häzirki programma üpjünçiliginiň köpüsi daş aralykdan, bulutda işleýär. Şeýle-de bolsa, täze kompýuterler ulanyjylara emeli aňy ýerli ýagdaýda işletmäge mümkinçilik berer.

"Bu çykdajy, howpsuzlyk we tizlik nukdaýnazaryndan köp bähbitlidir" – diýip, Lores belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.