«Huawei» emeli aň çipleri üçin smartfon önümçiligini haýallatdy

08.02.2024, 08:194,486

Hytaýyň «Huawei» kompaniýasy emeli aň çiplerine bolan islegiň artmagy sebäpli «Mate 60» flagman smartfonlarynyň önümçiliginiň depginlerini haýallatdy. Bu barada vesti.ru «Reuters» habarlar gullugyna salgylanyp habar berýär.

Bellenilmegine görä, «Huawei» premium «As Mate» smartfonlary üçin niýetlenen «Kirin» prosessorlary öndürilýän kärhanalarynyň birini özüniň «Ascend AI» emeli aň çiplerini öndürmek üçin ulanyp başlady. Bilermenleriň pikiriçe, bu smartfonlaryň indi öndüriji üçin esasy orunda durmaýandygyny görkezýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.