Saud arabystanly maýadarlar 1,2 mlrd ýewro “Romany” satyn almak we täze stadion gurmak isleýärler

12.02.2024, 10:428,584

Saud Arabystanyndan maýadarlar Italiýanyň “Roma” futbol klubuny satyn almak isleýärler. Bu barada “La Repubblica” neşirine salgylanyp, championat.com habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, taraplaryň arasyndaky gepleşikler eýýäm başlandy, Rim klubunyň hukuk bölüminiň başlygy Er-Riýadda. Maýadarlar klub üçin 900 mln ýewro teklip etmäge hem-de täze stadionyň gurluşygy üçin ýene 300 mln ýewro bermäge taýýar. Ýöne meýdançanyň taslamasy üçin Rim häkimiýetiniň razylygy gerek.
Belläp geçsek, “Romanyň” potensial eýeleriniň biri “Nýukasla” eýeçilik edýän Saud Arabystanynyň Garaşsyz gaznasy (PIF) bolup biler.
Geçen tomus klubuň eýesi Den Fridkin ony 1 mlrd ýewro satmakdan ýüz öwürdi.
Häzirki möwsümde Seriýa A-nyň 23 tapgyryndan soň “Roma” 38 utuk bilen ýaryş jedwelinde bäşinji orny eýeleýär. Şeýle-de, klub ýewrokuboklara gatnaşmagyny dowam etdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.