Moskwada pyýadalar indi ýolyşygyň täze yşaratyndan peýdalanarlar: ol nämäni  aňladýar?

13.02.2024, 23:5910,928

Moskwada köçeleriň çatryklarynda pyýadalaryň howpsuzlygyny üpjün etmäge niýetlenen täze ýolyşyklary synag etmek başlandy. Synag edilýän ýolyşyklar  ýaşyl yşyk ýanan wagty pyýadalar we öwrülýän awtoulaglar üçin ulagyň ak suduryny hem-de ýüzlenme belgisini ýakýar.

Şeýlelik bilen, pyýadalar öwrümde ulagyň peýda bolup biljekdigine has ünsli bolarlar diýip, Moskwanyň Ulag departamentine salgylanýan IXBT.com habar berýär.
Ozal beýle duýduryş diňe sürüjiler üçin ýanýardy, pyýadalar bolsa mümkin bolan  howpdan habarsyz galýardylar. Indi pyýadalara hem duýduryş berilýär. Bu çatryklarda ulag bilen utgaşykly hereket edilende ýol-ulag hadysalarynyň  töwekgelçiligini azaltmaga kömek eder diýip garaşylýar.
Moskwanyň şäher häkimliginiň wekiliniň sözlerine görä, şeýle ýolyşyklar garaşylýan netijäni görkezse, pyýadalar üçin geçmesi howply beýleki ýerlerde hem  gurlar. Häzirki wagtda synag Moskwanyň we Zelenogradyň bäş ýerinde dowam edýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.