Bir günde 365 million gezek tomaşa edilen “Dedpul we Rosomahanyň” tizeri rekord goýýar

15.02.2024, 23:2914,946

“Dedpul we Rosomaha” filminiň täze tizeri 24 sagadyň dowamynda iň köp tomaşa edilen tizer hökmünde rekord goýup, “Möý-adam: Öýe ýol ýok” filminden ozdurdy diýip,  Disney-e salgylanýan Variety habar berýär.

Çykarylandan soň 24 sagadyň dowamynda wideo YouTube-da 365 million gezek tomaşa edildi, deňeşdirsek, 2021-nji ýylda “Möý-adam: Öýe ýol ýok” filmi bir günde 355,5 million gezek tomaşa edilipdi.
Täze super gahryman blokbasteriniň tizeriniň meşhurlygy onuň amerikan futbolynyň esasy çempionaty Milli Futbol Ligasynyň möwsüminiň soňky oýny - Super Bowl-yň ýaýlymda görkezilýän wagty tanyşdyrylmagy bilen düşündirilýär. Superboul-2024 amerikan teleýaýlymynyň taryhynda iň köp tomaşa edilmekde ikinji boldy.
Mundan başga-da, münberden öz söýgülisi, “Kanzas-Siti Çifs”-iň  oýunçysy Trewis Kelsini goldaýan Teýlor Swift wideo bolan gyzyklanmany hasam
 güýçlendirdi.

“Dedpul we Rosomaha” filmiň ikinji bölegi çykanyndan alty ýyl soň, 26-njy iýulda kinoteatrlarda görkeziler.
Filmiň gahrymany Raýan Reynolds älemleriň arasynda syýahat eder, Marvel-iň gahrymanlarynyň arasyna düşer we Logan bilen duşuşar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.