Spotify bilen adalatsyz bäsdeşlik üçin Ýewropa Apple-e 500 million ýewro jerime salar

21.02.2024, 11:484,290

Ýewropa komissiýasy Spotify ýaly üçünji tarap aýdym-saz akym programmalarynyň işlemegini kynlaşdyrýandygy üçin Apple-e, takmynan, 500 million ýewro jerime töletmäge taýynlanýar diýip, ITHome habar berýär.

Bu Spotify tarapyndan 2019-njy ýylda berlen şikaýatyň netijesinde Ýewropa Komissiýasy tarapyndan Apple-e berlen ilkinji jerime bolar. Bäsdeşler Apple-iň bazarda eýeleýän esasy ornundan hyýanatçylykly peýdalanýandygyny we aýdym-saz akym programmalaryny Apple-iň içerki töleg ulgamyny ulanmaga hem-de programmanyň içindäki satyn alyşlar üçin töleg tölemäge mejbur edip, bäsdeşligiň düzgünlerini bozýandygyny öňe sürýärler.
ITHome-yň berýän maglumatlaryna  görä, Ýewropa Komissiýasy Apple-den töleg ulgamyny üýtgetmegini talap etmeýär, ýöne ulanyjylara bahalaryň arzanlamagyna sebäp bolup biljek aýdym-saz akym programmalaryny döredijilere öz hyzmatlaryna ýazylmak üçin öz sahypalaryna birikmegine rugsat bermegini talap eder.
Ýewropa Komissiýasynyň bu mesele boýunça birnäçe hepdäniň içinde karar bermegine garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.