Apple Watch gan basyşy ölçäp biler

18.03.2024, 20:256,166

Apple Watch-yň geljekki nesli gan basyşy ölçeýän datçik bilen üpjün ediler. Bu barada Bloomberg-iň žurnalisti we insaýder Mark Gurman habar berdi.

Täze sagadyň 2024-nji ýylyň güýzünde çykmagyna garaşylýar.

Öňki modellerde gan basyşy ölçeýji aýratynlyk täzelenmek üçin elýeter bolmaz. Apple sagadyň dizaýnyny we ulanylyş usulyny saklamak bilen, datçigi birleşdirmegiň usulyny tapmalydyr.

Täze aýratynlyk gan basyşy ýokary adamlara, goşmaça enjam ulanmazdan, ýagdaýlaryna gözegçilik etmäge mümkinçilik berer.

Huawei-de eýýäm gan basyşy ölçeýji aýratynlykly sagat bar (Watch D), ýöne ol aýratyn enjam hökmünde ýerleşdirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.