Ýylan rak keselini ýeňdi: onda ilkinji gezek elektrik himiýa bejergisi ulanyldy

Şu gün, 19:301,361
1 / 4

Angliýanyň Çester haýwanat bagynda agramy 50 kilograma barabar bolan Jodi Foster atly torly pitony rak keselinden bejermek üçin elektrik himiýa bejergisi ulanyldy. Bu ýylanda raga garşy göreşmek üçin şeýle bejerginiň ulanylan ilkinji resmileşdirilen ýagdaýy boldy diýip, «The Guardian» neşiri ýazýar.

Haýwanat bagynyň hünärmenleri ýylanyň işdäsiniň ýoklugyna we wagtynyň köp bölegini hereketsiz geçirýändigine üns berdi. Barlaglar pitonyň äň zolagynda howply çişiň — fibrosarkomanyň bardygyny ýüze çykardy. Täze emele gelen çişi hirurgiýa ýoly bilen aýyrmak uzak möhletleýin netije bermedi: çiş gaýtadan peýda bolup, süňke geçip başlady.

Haýwanat bagynyň weterinar lukmany Ien Eşpolyň aýtmagyna görä, çiş gaýtadan döräp, äň süňküni zaýalamaga başlandan soň, ýene bir operasiýanyň ýylany halas etmejekdigi düşnükli boldy. Hünärmenler elektrik himiýa bejergisini ýylanda ulanyp görmek üçin onkolog kärdeşlerine ýüz tutdular.

Uzynlygy 4,5 metre ýetýän ýylany sygdyrmak üçin iki operasiýa stoluny birleşdirmeli boldy. Operasiýa 90 minuta çekdi. Eşpol çişi we şikes ýeten süňküň bir bölegini aýyrdy, şondan soň galan rak öýjüklerini ýok etmek üçin elektrik himiýa bejergisi ulanyldy.

Bejergi meýilnamasyny düzmäge gatnaşan Liwerpul uniwersitetinden Hose Alwares Pikornell gazanylan üstünligiň hyzmatdaşlygyň netijesi bolandygyny nygtady. Ol täzeçe çemeleşmäniň diňe bir Jodi Fostere kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem, umumy weterinariýa tejribesine hem goşant goşjakdygyny belleýär.

Şu hepde geçirilen jemleýji barlag pitonda rak keseliniň gaýtadan döremeginiň alamatlarynyň ýokdugyny tassyklady.

Häzirki wagtda Jodi özüni gowy duýýar. Ol ýene-de kadaly iýmitlenmäge, işjeň hereket etmäge we awuny kynçylyksyz ýuwutmaga başlady.

Hünärmenler beýleki weterinarlaryň hem bu tejribäni peýdalanyp bilmekleri üçin prosedura barada maglumatlary giňişleýin resmi taýdan çap etmegi meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.