2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde erkekleriň arasynda futbol ýaryşynyň bijeleri çekildi

23.03.2024, 11:518,355

2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Olimpiýa oýunlarynyň çäklerinde erkekleriň arasynda futbol ýaryşynyň bije çekişligi boldy.

Dört toparça bölünen 16 ýygyndy toparyň gatnaşmagynda Olimpiýa futbol ýaryşy 24-nji iýuldan 10-njy awgust aralygynda Fransiýanyň ýedi şäherinde geçiriler. Final «Park de Prens» stadionynda bolar.

  • A toparça Fransiýanyň, ABŞ-nyň, Täze Zelandiýanyň toparlary, şeýle hem Aziýa we Afrikanyň toparlarynyň gatnaşmagynda kontinentara pleý-offyň ýeňijisi girdi (bu topar heniz kesgitlenmedi).
  • B toparça: Argentina, Marokko, Ukraina we Aziýanyň ýaşlar çempionatynda bürünç medalyň eýesi;
  • C toparça: Ispaniýa, Müsür, Dominikan Respublikasy we Aziýanyň ýaşlar çempionatynda kümüş medalyň eýesi;
  • D toparça: Paragwaý, Mali, Ysraýyl, Aziýanyň ýaşlar çempionatynyň ýeňijisi.

Milli ýygyndy toparlara 23 ýaşdan kiçi oýunçylar wekilçilik ederler, şeýle hem üç sany ýaşy 23-den geçýän oýunçy hem goşulyp bilner. Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda altyn medaly Braziliýanyň milli ýygyndysy eýeläpdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.