SpaceX-iň Starlink hemralarynyň kosmosda aýlanýan ýerini dowam edip duran wagtda yzarlap bolýar

30.03.2024, 12:016,673

SpaceX kompaniýasy Starlink internet hemralarynyň Ýeriň orbitasyndaky ornuny dowam edip duran wagtda yzarlamaga mümkinçilik berýän interaktiw kartany hödürledi diýip, Naked Science portaly habar berýär.

SpaceX tarapyndan döredilen web sahypada, kartanyň özi bilen birlikde, uçurylan  hem-de häzirki wagtda orbitada işleýän hemralaryň sany barada maglumatlar bar.
Şu güne çenli kompaniýa 5977 sany enjam öndürdi. Olardan 5601-si hyzmat edýär, galan 376-sy maksatly orbita ýetip bilmezlik ýa-da dizaýn kemçilikleri ýaly, dürli sebäplere görä orbitadan sowuldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.