Boksçy Maýk Taýson gulak şekilinde süýji çykardy

01.04.2024, 15:5320,703

Boksçy Maýk Taýsonyň gulak şekilindäki süýjüleri Nýu-Ýorkdaky dükanlarda satylyp başlandy. Bu barada New York Post habar berýär.

Marmeladyň şekili öňki boksçynyň 1997-nji ýylda Ewander Holifild bilen bolan söweşini ýada salýar, şonda Taýson garşydaşynyň gulagynyň bir bölegini dişlänligi üçin diskwalifikasiýa edilipdi.
Süýjüler «Maýk dişleýär» brendi bilen satylýar. Süýjüler blogger Jeýk Pol bilen söweşiň öňüsyrasynda çykaryldy. 57 ýaşly Taýson 2024-nji ýylyň 20-nji iýulynda boks meýdançasyna gaýdyp geler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.