Ilon Mask: X sosial ulgamyna giriş-çykyş aýda 3,3 milliard ulanyja ýetdi

05.04.2024, 11:392,867

2024-nji ýylyň ýanwar aýynda X (Twitter) sosial ulgamyna giriş-çykyş rekord görkezijä – aýda 3,3 milliard ulanyja çenli artdy. Bu barada sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask öz akkauntynda habar berdi.

Ilon Mask 2024-nji ýylyň 3-nji aprelinde dürli ýyllarda sosial ulgamyň trafiginiň nähili üýtgeýändigini görkezýän diagrammany hödürledi. Onda sosial ulgamy Mask satyn alandan soň, 2022-nji ýylyň ahyrynda X-e giriş-çykyşyň nähili ýokarlanýandygy görünýär. Hyzmat milliarder tarapyndan satyn alnan wagty onuň trafigi, takmynan, 1 milliard ulanyjydy.

“X-iň trafigi rekord derejä ýetdi” – diýip, Mask grafikli postda ýazdy.

Maskyň posty bir günden az wagtyň içinde 12 milliona golaý tomaşa, 87 müň laýk we 8 müň repost aldy. Sosial ulgamda milliarderiň akkauntyna 180 million adam ýazylan.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.