Perseverance alymlaryň “arzuwyny” - Marsyň “kenarýaka topragynyň” nusgasyny aldy

09.04.2024, 05:315,608
1 / 4

Naked Science-iň habar bermegine görä, Perseverance mars roweri aýratyn ähmiýete eýe bolan Mars topragynyň täze nusgasyny aldy, bu nusga, alymlaryň pikirine görä, ozal gadymy kenaryň bir bölegi bolmagy mümkin.

Karbonatlara we kremnezýomlara baý jynsyň düzümi onuň gelip çykyşynyň suw bilen baglydygyny görkezýär.
Bu gözlegçileriň köpden bäri arzuw edip gelýän tapyndysy. Ýaşy entek kesgitlenmedik jynsyň seljermesi Marsyň uzak geçmişdäki howasyny aýdyňlaşdyrmaga kömek eder.
Täze nusga Perseverance-iň öz missiýasy wagtynda ýygnan 24-nji nusgasydyr.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.