Roskosmos Falcon 9-yňkydan hem köp gezeklik raketa döredip, SpaceX-den öňe geçmek isleýär

18.04.2024, 17:475,253

Roskosmos 100 gezege çenli uçuryp bolýan köpgezeklik Amur-SPG raketasyny işläp taýýarlaýar, bu bolsa SpaceX-iň Falcon 9-nyň mümkinçiliklerinden ep-esli ýokarydyr diýip, TASS habar berýär.

Roskosmos-yň baş direktory Ýuriý Borisow ýükleri orbita çykarmagyň çykdajylaryny azaltmaga mümkinçilik berýän Amur-LNG-iň Russiýanyň kosmos senagatynyň ösüşinde täze tapgyra öwrüljekdigini aýtdy.
Yzyna gaýdyp gelýän birinji basgançak bilen enjamlaşdyrylan raketa Amur oblastyndaky “Wostoçnyý” kosmodromyndan uçurylar. Taslamany işläp taýýarlamaklyga 2020-nji ýylda “Progress” RKM-i bilen hyzmatdaşlykda girişilipdi we 2024-nji ýylda bolsa tehniki taýdan taslamalaşdyrmagy tamamlamak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.