"Real" "El-Klasikoda" 91-nji minutda gol geçirip, "Barselonany" utdy

22.04.2024, 07:1015,214

Madridiň "Santýago Bernabeu" stadionynda Ispaniýanyň çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň "Real" bilen "Barselonanyň" arasyndaky merkezi oýny geçirildi.

Oýun netijeli bolup, "Realyň" 3:2 hasabynda utmagy bilen tamamlandy.
6-njy minutda "Barselonanyň" oýunçysy Andreas Kristensen hasaby açdy, ýöne "Real" 18-nji minutda penaltiden Winisius Žunioryň gol geçirmeginde hasaby deňledi. 69-njy minutda myhmanlar Fermin Lopesiň goly netijesinde ýene öňe saýlandylar. Madridliler 73-nji minutda Lukas Waskesiň goly bilen hasaby deňlediler. "Reala" ýeňşi goşulan 90+1-nji minutda Jud Bellingem getirdi.
Şeýlelik bilen, 32 oýundan soň "Real" "Barselonadan" aratapawudyny 11 utuga çenli artdyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.