Ýaponiýa kosmos zibilleriniň golaýdan alnan ilkinji suratyny paýlaşdy

28.04.2024, 23:2115,990

Ýaponiýanyň Astroscale Japan hususy kompaniýasy kosmos zibilleriniň ýakyndan alnan ilkinji suratyny neşir etdi. Kompaniýanyň dolandyrýan hemrasy tarapyndan alnan suratda birnäçe ýüz metr aralykdan surata düşürilen raketanyň bir bölegi bar.

Kosmos galyndylary hemralar we kosmos stansiýalary üçin çynlakaý howp döredýär.
Ýapon kompaniýasy: "Bu deňi-taýy bolmadyk surat kosmos galyndylary bilen baglanyşykly meselelere düşünmek we çözmek üçin möhüm ädimdir" – diýip hasaplaýar.
Suratda raketanyň basgançagy görünýär. Kompaniýa basgançagyň haýsy ýurduň raketasyna degişlidigini görkezmedi.
Astroscale Japan ony beýleki taraplaryndan hem goşmaça surata almak üçin ýakynda operasiýany gaýtalamagy meýilleşdirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.