Şu ýyl Aýda 4G peýda bolar. Nokia we NASA Aý bazasy üçin tory işe girizerler

29.04.2024, 08:404,451

Finlýandiýanyň Nokia kompaniýasy Aýda 4G tory gurnamak boýunça taslamanyň üstünde işleýär. IXBT-iň ýazmagyna görä, NASA kompaniýa bilen täjirçilik kosmos mümkinçiliklerini ösdürmek maksatnamasynyň bir bölegi hökmünde geljekdäki, aýratynam Artemis maksatnamasynyň çäklerindäki missiýalara peýdaly boljak şertnama baglaşdy.

SpaceX raketasy şu ýylyň ahyrynda 4G esasy stansiýasy bolan kosmos gämisini Aýa iberer, ýöne onuň takyk senesi entek yglan edilmedi.
Tor Bell Labs laboratoriýasynyň bazasynda gurulýar we Aýyň günorta polýusynda oturdylar.
Ol gonuş modulynyň, Lunar Outpost roweriniň we Micro-Nova bunkeriniň arasynda aragatnaşygy üpjün etmek üçin ulanylar.
Lunar Outpost Şeklton gerşiniň golaýyndaky ýerleri öwrener we Micro-Nowa bolsa ol ýerde Aý buzunyň ozal ýüze çykarylan subutnamalaryny tassyklamak üçin Şeklton kraterine düşer. 4G ulgamy buz şekillerini Ýere hakyky wagtda geçirmäge mümkinçilik berer.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.