"Barselonanyň" "Žironadan" utulmagy, "Realy" Ispaniýanyň çempiony etdi

05.05.2024, 10:4813,129

"Barselona" "Žironadan" utulandan soň, Madridiň "Realy" möhletinden öň 2023/2024 möwsümde Ispaniýanyň futbol boýunça çempionatynyň çempiony boldy.

Düýn, çempionatynyň 34-nji tapgyr duşuşygynda "Real" "Kadisi" 3:0 hasabynda ýeňdi, katalon kluby bolsa "Žironadan" 4:2 hasabynda ýeňildi.
Şondan soň, 87 utuk toplan "Real" çempionatyň tamamlanmagyna dört tapgyr galanda bäsdeşleri üçin elýetmez boldy. Bu üstünlik madridliler üçin taryhynda 36-njy çempionlykdyr. 
"Žirona" 74 utuk toplap, La Liganyň ýaryş jedwelinde ikinji orna çykdy, "Barselona" 73 utuk bilen üçünji ýere düşdi. Klublaryň ikisi hem indiki möwsümde Çempionlar ligasyna gatnaşmaklaryny kepillendirdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.