Bäherden hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasyndan gemodializ üçin enjamlar gowşuryldy

08.05.2024, 21:4812,493
1 / 2

8-nji maýda Bäherden etrabynyň hassahanasyna Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna satyn alnan Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “B.Braun” kompaniýasynyň iki sany “Dialog+” kysymly gemodializ enjamy sowgat berildi.

Gany ekstrakorporal usulda arassalamak üçin niýetlenen bu döwrebap lukmançylyk enjamy dowamly böwrek ýetmezçiligi keselinden ejir çekýän näsaglary has netijeli bejermäge, şunuň esasynda olaryň ýaşaýşyny gowulandyrmaga, ömrüniň dowamlylygyny artdyrmaga ýardam berýär.
Enjamlary gowşurmak dabarasy Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, kärhanalarynyň zähmet toparlarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň, gaznanyň wekilleriniň, şeýle hem lukmançylyk edaralarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.