Relssiz: NASA Aý “demir ýolunyň” nähili boljakdygyny aýtdy

12.05.2024, 22:0015,186

NASA Aýyň üstünde ýük daşamak üçin täze ulag ulgamyny işläp düzendigini habar berdi. Taslama Robotic Lunar Surface Operations 2 (RLSO2) maksatnamasynyň çäginde durmuşa geçiriler diýip,  HotHardware salgylanýan 3DNews ýazýar.

FLOAT (Flexible Levitation on a Track – trekde erkin lewitasiýa) diýlip atlandyrylýan Aý “demir ýoly” düşünjesi üstünden ýükli arabalar lewitirlenjek çeýe üç gatly kemeriň ulanylmagyny öz içine alýar.
Lentanyň birinji gaty lewitasiýa, ikinjisi - arabalaryň hereketiniň dolandyrylyşyna, üçünjisi bolsa (islege görä) elektrik energiýasynyň öndürilişine jogapkär bolar.
FLOAT ulgamy her araba sagatda 1,6 km/sag tizlikde günde 100 tonna çenli material daşamaga mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda taslama Aý landşaftyna öýkünilip synag ediljek prototipleri işläp düzmek tapgyrynda.
NASA-dan başga-da, 2024-nji ýylyň martynda DARPA bilen şertnama baglaşan Northrop Grumman hem  Aý ulag ulgamyny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.