Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti talyplyga isleg bildirýänleri “Açyk gapylar” gününe çagyrýar

13.05.2024, 13:3820,270

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 20-nji maýda sagat 15:00-da 2024/2025-nji okuw ýylynda okuwa girmäge isleg bildirýän orta mekdepleriniň okuwçylaryny, harby bölümleriniň esgerlerini, edara-kärhanalarda işleýän ýaşlary “Açyk gapylar” gününe çagyrýar.

“Açyk gapylar” gününde ýaşlar

  • Türkmenistanyň Prezidentiniň ylym-bilim ulgamyny ösdürmek baradaky özgertmeleriniň durmuşa geçirilişi;
  • uniwersitetde taýýarlanylýan hünär ugurlary;
  • alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik we ylmy işleri;
  • talyplaryň bakalawrlar we magistrler bolup ýetişmekleri üçin döredilen şertler;
  • döwrebap ýokary tehnologiýalar, enjamlar bilen abzallaşdyrylan okuw otaglary, barlaghanalary, “Oguz han” ylmy-tehnologiýalar merkezi, kitaphanasy, sport-sagaldyş toplumy we umumy ýaşaýyş jaýlary bilen tanşyp bilerler.

Salgysy: Aşgabat şäheri, Köşi köçesiniň 100-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
39-16-37;
39-16-40.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.