Baýrak gaznasy 500 müň dollar bolan Counter-Strike 2 boýunça ýaryşda Türkiýeden topar ýeňiji boldy

26.05.2024, 01:0613,145

Türkiýeden Eternal Fire topary Counter-Strike 2 boýunça CCT Season 1 Global Finals-da ýeňiji boldy, ol grand-finalda Demirgazyk Amerikadan Team Liquid toparyny 3:1 hasabynda utdy.

Öň habar berşimiz ýaly, baýrak gaznasy 500 müň dollar bolan onlaýn-çempionatda ýeňiş üçin 16 topar bäsleşdi.
CS2 boýunça CCT Season 1 Global Finals ýaryşynyň netijesi:

  • Birinji orun: Eternal Fire (Türkiýe) — $250 müň;
  • Ikinji orun: Team Liquid (Demirgazyk Amerika) — $100 müň;
  • 3-4-nji orunlar: Astralis (Daniýa), GamerLegion (Ýewropa) - $50 müň;
  • 5-8-nji orunlar: ENCE (Polşa), BetBoom Team (Russiýa), AMKAL ESPORTS (Russiýa), Aurora Gaming (Russiýa) — $12,5 müň;
  • 9-12-nji orunlar: SAW (Portugaliýa), Fnatic (Ýewropa), paiN Gaming (Braziliýa), MIBR (Braziliýa).
  • 13-16-njy orunlar: PARIVISION (Russiýa), Gaimin Gladiators (Daniýa), OG (Ýewropa), BIG (Germaniýa).

CCT Season 1 Global Finals 16-njy maýdan 23-nji maý aralygynda onlaýn görnüşde geçirildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.