Beýik Britaniýada parlamentiň dargadylýandygy we irki saýlawlaryň geçiriljek senesi yglan edildi

26.05.2024, 19:038,001

Ýurduň premýer-ministri Rişi Sunak 4-nji iýulda Beýik Britaniýada möhletinden öň  ählumumy (parlament) saýlawlarynyň geçiriljekdigini aýtdy diýip, “Bi-Bi-Si” habar berýär.

“Onuň Alyhezretinden [Karl III] parlamenti dargatmaga rugsat bermegini  haýyş etdim. Patyşa bu haýyşy kabul etdi we 4-nji iýulda ählumumy saýlawlar bolar" - diýip, Sunak özüniň Londonda Dauning-stritdäki rezidensiýasynyň agzynda eden çykyşynda aýtdy.

Sunak öz çykyşynda “öz hökümetiniň gazananlaryna" buýsanýandygyny aýtdy.

"Ykdysady durnuklylyk islendik üstünligiň esasyny düzýär" - diýip, häzirki hökümet başlygy Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetiniň henizem ösýändigini we hümmetsizlenmäniň kadaly ýagdaýa gelendigini aýtdy.

Kanuna görä, saýlawlar 2025-nji ýylyň ýanwaryndan gijä galman geçirilmelidi. Seljerijiler olaryň güýzde bolmagyna garaşýardylar, ýöne hökümet ony has öňe süýşürmek barada ylalaşdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.