Boeing we NASA Halkara kosmos stansiýasyna ilkinji kosmos taksisini ibermäge taýýarlanýar

28.05.2024, 12:082,430

Astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna äkitmek üçin niýetlenen Boeing Starliner kosmos gämisi 1-nji iýunda ilkinji ekipažly uçuşyna taýýarlanýar. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Öň ýüze çykarylan kiçiräk geliý syzmasyna garamazdan, NASA we Boeing kompaniýalarynyň wekilleri CST-100 Starliner gämisiniň howpsuzlygyna ynamly.
Missiýanyň dowamynda ekipaž geliý derejesine düýpli gözegçilik eder.

“Aslynda, syzma uçuşyň howpsuzlygyna howp salmaýar we biziň ondan baş çykarmak üçin görkezmelerimiz bar” – diýip, Boeing-iň wise-prezidenti we Starliner programmasynyň ýolbaşçysy Mark Nappi belledi.

Starliner-iň işlenip taýýarlanmasy astronawtlary Halkara kosmos stansiýasyna gatnatmak üçin NASA bilen baglaşylan şertnamanyň esasynda 2014-nji ýylda başlandy.
Eger uçuryş üstünlikli bolsa, geljekde Starliner kosmos taksisi hökmünde ulanylar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.