Aşgabat – Awaza ugry boýunça awtobus gatnawy üçin biletleri onlaýn satyn alyp bolýar

01.06.2024, 16:3514,781

1-nji iýundan Aşgabat - Awaza ugry boýunça awtobus gatnawlary ýola goýuldy. Bu ugurlar boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň peteklerini «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň Döwlet hyzmalary portalynda (e.gov.tm) onlaýn satyn alyp bolýar.

Bir taraplaýyn petegiň bahasy ulular üçin 75 manat, 5 — 13 ýaş aralygyndaky çagalar üçin bolsa 37 manat 50 teňňe. Petekleriň satuwy kassalaryň üsti bilen hem amala aşyrylýar.
Aşgabat — Awaza — Aşgabat ugry boýunça şäherara awtobus gatnawlarynyň petekleriniň «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ-niň resmi saýtynda hem-de «Şäherara bilet» mobil goşundysynda hem onlaýn tertibinde satyn alyp bolýar.
Bu ugur boýunça awtobus hepdäniň ähli güni sagat 06:00-da Aşgabat şäheriniň Atamyrat Nyýazow şaýolunda ýerleşýän halkara awtomenzilden ýola düşýär, 13:00-da bolsa «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň Ýelkenli köçesiniň ugrunda ýerleşýän awtoduralgadan yzyna ugraýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.