Kynçylyksyz bolmasa-da, ilkinji ekipažly Boeing Starliner Halkara kosmos stansiýasyna bardy

07.06.2024, 11:5115,988
1 / 2

2024-nji ýylyň 6-njy iýunynda bortunda astronawtlar Sunita Wilýams we Barri Wilmor bolan köp gezeklik Boeing Starliner kosmos gämisi Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) birleşdi. Ýaýlym NASA-nyň saýtynda alnyp baryldy.

Tehniki näsazlyklar sebäpli ençeme gezek gijikdirilen uçuş ahyrynda bir gije-gündiz wagt aldy. Starliner-iň HKS bilen birleşmesi meýilleşdirilenden tas bir ýarym sagat soň, 22:34-de bolup geçdi.
Çünki, Starliner-iň hyzmat modulynda gurnalan 28 ugur hereketlendirijisiniň 5-isini işe girizmek bilen baglanyşykly meseleler ýüze çykdy. Şeýle-de, gäminiň ýangyç ulgamynda iki sany geliý syzmasy ýüze çykaryldy.
Bu näsazlyklara garamazdan, missiýa toparyna işlemän galan 5 hereketlendirijiden dördüsiniň işe ukyplylygyny gaýtadan dikeltmek başartdy we gämi HKS bilen üstünlikli birleşdi.
Wilmor bilen Wilýamsyň stansiýada bir hepde töweregi bolmagyna garaşylýar. Soň 14-nji iýunda Starliner meýilnama boýunça Uaýt-Sends (Nýu-Meksiko ştaty) meýdançasynda asuda gonuşy amala aşyrmaly.
Uçuşyň esasy wezipesi gäminiň ekipažlary kosmos stansiýasyna eltmek we olary Ýere gaýtaryp getirmek ukybyny barlamakdan ybarat.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.