Günde biri: SpaceX iň uly Starship raketasyny köpçülikleýin önümçilige goýberer

11.06.2024, 07:336,387

SpaceX kompaniýasy Tehasyň Boka-Çika sebitindäki Starbase-iň döwrebaplaşdyrylan zawody Starfactory-nyň işe girizilýändigini habar berdi. Meýdany, takmynan, 1 müň inedördül kilometr bolan desga şu tomus işläp başlar we SpaceX-e günde bir Starship öndürmäge mümkinçilik berer diýlip garaşylýar. Bu barada New Atlas ýazýar.

Starfactory-nyň gurluşygy fewral aýynda başlandy. Zawod ýokary ygtybarlylyk, has köp ýangyç we kämilleşdirilen aerodinamika bilen tapawutlanýan täze Starship 2 wersiýasynyň köpçülikleýin önümçiligini üpjün etmek bilen, SpaceX-iň önümçilik kuwwatyny giňeltmäge gönükdirilendir.
SpaceX kompaniýasynyň Falcon gurluşynyň önümçiligi boýunça menejer Jessi Anderson birnäçe Starship-iň we örän agyr tizleşdirijileriň eýýäm önümçilik tapgyryndadygyny we ýakynda has köp birligiň konweýerden çykjakdygyny aýtdy.
Ýatlap geçsek, Starship adamzat taryhynda iň uly we iň kuwwatly raketadyr. SpaceX-iň habar bermegine görä, kosmos gämisi Ýere golaý orbita, Aýa, Marsa we beýleki planetalara adamlary we ýükleri eltip biler. Sistemanyň umumy ýük göterijiligi 150 tonna barabar. 
Ýakynda biz raketanyň ilkinji üstünlikli synag uçuşy barada habar berdik.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.