HOK 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky Olimpiadalarynyň geçiriljek ýerlerini saýlady

14.06.2024, 22:545,689

Halkara Olimpiýa Komitetiniň (HOK) Ýerine ýetiriji komiteti 2030-njy we 2034-nji ýyllaryň gyşky Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň geçiriljek ýerlerini saýlamak boýunça komissiýanyň tekliplerini makullady diýip, TASS habar berýär.

2030-njy ýylda ýaryşlar Fransuz Alplarynda, dört ýyldan soň bolsa Amerikanyň Solt-Leýk-Siti şäherinde geçiriler.

“Bularyň ikisi-de halkara sport ýaryşlaryny geçirmek boýunça geçen Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň mirasyny ulanmaga ýykgyn edýän tejribeli guramaçylardyr. Gutarnykly karar 22 – 24-nji iýulda Parižde geçiriljek 142-nji sessiýada HOK-yň ähli agzalary tarapyndan kabul ediler” – diýip, HOK-yň geljekki Olimpiadalar boýunça komissiýasynyň başlygy Karl Ştoss aýtdy.

Geljekki gyşky Olimpiýa oýunlary 2026-njy ýylda Milanda we Kortina-d’Ampessoda (Italiýa) geçiriler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.