Instagramdaky “storisleri” indi WhatsApp-da paýlaşyp bolýar

17.06.2024, 18:152,123
1 / 2

Instagram “storislerini” utgaşykly çap etmek aýratynlygyny işläp düzmek bilen, WhatsApp bilen utgaşmaga taýýarlanýar diýip, Neowin ýazýar.

Häzirki wagtda Instagram-yň ulanyjylary öz storislerini Facebook-yň ulanyjylary bilen paýlaşyp bilýärler. Ýakyn wagtda olary gündelik 450 milliondan gowrak işjeň ulanyjysy bolan WhatsApp-da hem paýlaşyp bolar.
Goşundylar menýusynda Facebook-yň düwmesiniň gapdalynda bir wagtyň özünde WhatsApp-da hem neşir etmek düwmesi peýda bolar. Şeýlelik bilen, ulanyjylar öz Instagram-daky taryhlaryny WhatsApp-yň “storisinde” gönüden-göni paýlaşyp bilerler.
Instagram-daky wakalary WhatsApp-a çap etmegiň aýratynlygy işlenip düzüliş tapgyrynda we ol entek programmada ýok.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.