2025-nji ýylda Russiýada rak keseline garşy sanjym kliniki synagdan geçirilip başlanar

24.06.2024, 13:266,842

RF-niň Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça ylmy-barlag merkezi 2025-nji ýylyň ortalaryna onkologiýa keselli näsaglaryň gatnaşmagynda rak keseline garşy sanjymyň kliniki synaglaryna başlamagy meýilleşdirýär. Bu barada Gamaleýa adyndaky Epidemiologiýa we mikrobiologiýa boýunça ylmy-barlag  merkeziniň müdiri Aleksandr Ginsburg aýtdy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Häzirki wagtda waksina syçanlarda synag edilýär. Synagyň maksady - diňe bir melanomaly haýwanlaryň ömrüni uzaltmak däl, eýsem, çişi we metastazlary gutarnykly ýok edýän derman öndürmekdir.
Ginsburg, eger tehnologiýa üstünlikli işlenip taýýarlansa, sanjymyň öýkeniň, aşgazan asty mäziniň, böwregiň rak keseli we rakyň melanoma görnüşi bilen kesellän näsaglara kömek etjekdigini aýtdy. Sanjym bu keseller üçin has möhümdir, sebäbi olarda metastazlar irki döwürde ýüze çykýar.
Beýik Britaniýada eýýäm rak keseline garşy indiwidual sanjymlaryň synagynyň geçirilýändigini we netije berip başlandygyny ýatladýarys. Bu barlaga gatnaşan ilkinji hassalaryň biri hakda eýýäm size gürrüň beripdik.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.