Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde 1521 uçurym okuwyny tamamlady

24.06.2024, 14:2410,594

2023-2024-nji okuw ýylynyň jemleri boýunça 1 müň 521 uçurym 30 sany hünär boýunça Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlady.

Ýokary okuw mekdebiniň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, uçurymlaryň 1 müň 461-si hünärmen, 40-sy bakalawr, 20-si magistr maksatnamasy boýunça ýokary bilime eýe boldular. Uçurymlaryň 94-si bolsa okuwlaryny tapawutlanan diplom bilen tamamladylar.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 90 ýyldan gowrak wagt bäri ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli ugurlary üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamaga uly goşant goşup gelýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.