Garaguş keseliniň tutgaýlaryna gözegçilik etmek üçin çaganyň beýnisine ilkinji gezek neýrostimulýator oturdyldy

27.06.2024, 17:5312,662

Beýik britaniýaly 13 ýaşyndaky Oran Noulsona dünýäde ilkinji bolup garaguş keseliniň tutgaýlaryna gözegçilik etmek üçin neýrostimulýator goýuldy. Operasiýa Londonyň Greýt-Ormond-strit keselhanasynda edildi diýip, The Guardian neşiri habar berdi.

Oran garaguşuň agyr we çylşyrymly görnüşi bolan Lennoks-Gasto sindromyndan ejir çekýär. Operasiýadan öň, onuň tutgaýy günde ýüz gezek dagy tutýardy.
3,5 sm-lik we galyňlygy 0,6 sm bolan neýrostimulýator ýetginjegiň beýnisine ýerleşdirildi. Enjam tutgaýlara sebäp bolýan elektrik signallaryny petikläp, yzygiderli pes woltly stimulýasiýa döredýär.
Hirurglar implantyň tutgaýlaryň sanyny 80% azaltmagyna garaşýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.