Usik Joşua we Dýubua mümkinçilik bermek üçin IBF-iň çempionlyk guşagyndan ýüz öwürdi

27.06.2024, 18:1911,433

37 ýaşly ukrain boksçysy, agyr agram derejesi boýunça dünýä çempiony Aleksandr Usik Halkara boks federasiýasynyň (IBF) çempionlyk guşagyndan meýletin ýüz öwürdi. Ol öz gelen kararyny sosial ulgamlarda mälim etdi.

Usik beýleki boksçylara guşak ugrunda göreşmäge mümkinçilik bermek üçin ondan ýüz öwürýändigini düşündirdi.

Boksçy: “IBF-iň guşagy - 21.09.2024 ýylda size sowgat. Dünýä güýçlüleri söýýär. Dostuňyz, agyr agram derejesinde dünýä çempiony Aleksandr Usik" - diýip ýazdy.

2024-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda IBF-iň boş tituly ugrunda  britaniýaly boksçylar  Entoni Joşua bilen Daniel Dýubua göreşer diýlip garaşylýar.
Usik 2024-nji ýylyň 18-nji maýynda Taýson Fýurini ýeňip, iň agyr agramda  dünýäniň absolýut çempiony bolupdy. Ol WBA-nyň, WBO-nyň, IBO-nyň we WBC-niň çempionlyk guşaklarynyň eýesi. Boksçy 2021-nji ýylyň sentýabr aýynda Entoni Joşuany ýeňip, IBF-niň guşagyny alypdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.