Singapurda bir adam lotereýada 4 million dollar utup, ýürek tutgaýyny başdan geçirdi

28.06.2024, 10:3113,600

Singapurda bir adam 4 million dollardan gowrak jekpot utandygyny eşiden-de ýüreginden  tutup,  huşuny ýitiripdir diýip, Daily Mail habar berýär.

Bu waka Marina Bay Sands kazinosynda bolup geçýär. Häzirki wagtda bu duýgur adam hassahanada we bolan wakadan soň saglygyny dikeldýär.

"Şaýatlar begenji içine sygmadyk adamyň ilki heşelle kakyp, soňundan howsala düşüşini we  şowly nesibäni gutlanyşyň gyzan wagty özünden gidişini suratlandyrdylar” diýip, Lokmat Times bolan wakany gürrüň berýär.

Jekpot utuşlyk wagty oýnuň gidişiniň jikme-jiklikleri görkezilmedi. Gürrüňi edilýän oýun jaýynyň binasy 4 gatda ýerleşen 2300-den gowrak oýun awtomatly ullakan toplum. Şu ýylyň fewral aýynda Marina Bay Sands bahasy 6,2 milliard dollar bolan, dünýädäki iň gymmat oýun brendi diýlip ykrar edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.