Singapur maşgalalara her çaga üçin 55 müň dollar wada berdi

Düýn, 17:524,174

Singapur çaga dogluş görkezijileriniň rekord derejede pese düşendigi sebäpli, maşgalalary goldamak bilen bagly çäreleri giňeldýär. Ýurduň Premýer-ministri Lourens Wong çaga üçin niýetlenýän kömek pulunyň artdyryljakdygyny we ýaşaýyş jaý almak üçin ýeňillikleriň dörediljekdigini yglan etdi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär.

​Täze maksatnamanyň çäklerinde Singapuryň raýaty bolan her bir çaga 17 ýaşyna çenli, jemi alanyňda 70 müň singapur dollaryna golaý (takmynan, 55 müň dollar) kömek alyp biler. Bu hasaba nagt tölegler, bilim grantlary we beýleki goldaw çäreleri girýär.

​Hökümet çaga seretmek üçin berilýän rugsat günleriniň sanyny hem artdyrar. Işleýän ata-eneler 12 ýaşa ýetmedik bir çagasy bar bolsa 8 gün, iki çagasy bar bolsa 10 gün, üç ýa-da ondan hem köp çagasy bar maşgalalar 12 gün rugsat alyp biler.

​Mundan başga-da, häkimiýetler döwlet tarapyndan edilýän çaganyň gündizki ideginiň bahasyny aýda 150 singapur dollaryna çenli arzanlatmagy meýilleşdirýär. Çagaly maşgalalara döwlet ýaşaýyş jaýlary paýlananda hem goşmaça ýeňillikler elýeter bolar.

Bu t​äze çäreler ýurtdaky demografik ýagdaýy gowlandyrmaga gönükdirilendir. Geçen ýyl Singapurda bir aýala düşýän çaga sany 0,87-ä çenli peseldi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň ilatynyň bäşden bir bölegi 65 ýaşyndaky we ondan-da uly ýaşdaky adamlardyr.

​«Biz maşgalalary goldamak babatdaky çemeleşmeleri düýpli üýtgetmek isleýäris» diýip, ýurduň Premýer-ministri Lourens Wong düşündirýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.