Singapur bassyr dördünji ýyl baý adamlar üçin iň gymmat şäher adyny saklady

Şu gün, 11:172,976

Şweýsariýanyň Julius Baer banky gurply adamlar üçin dünýäniň iň gymmat şäherleriniň her ýylky täze reýtingini neşir etdi. Gozgalmaýan emlägiň we awtomobilleriň ýokary bahalary, şeýle hem ýerli walýutanyň durnukly hümmeti netijesinde Singapur yzygiderli dördünji ýyl bu sanawyň lideri boldy.

Ilkinji üçlüge Sýurih we ilkinji gezek dördünji orundan ýokary galmagy başaran Monako şäherleri girdi. Gonkong dördünji orna, London bolsa bäşinji orna düşdi. Bu indeks dünýäniň 25 sany iň uly şäherini öz içine alýar. Sanawyň iň soňky orunlarynda Wankuwer (25-nji orun), Ýohannesburg (24-nji orun) we Manila (23-nji orun) ýerleşdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, sanawdaky üýtgeşmelere, esasan, ýerli inflýasiýa däl-de, hümmetiň üýtgemegi täsir etdi. Şweýsariýa frankynyň we ýewronyň ABŞ dollaryna gatnaşykda gymmatlamagy Ýewropanyň şäherlerini ýokary galdyrdy. Bu ýagdaýy ýerli ýaşaýjylar duýmadyk hem bolsa, daşary ýurtly syýahatçylar we maýadarlar üçin aratapawut uly boldy.

Dubaý ýedinji orundan 14-nji orna düşdi. Munuň sebäbi emirlikde bahalaryň peselmegi däl-de, eýsem dirhamyň gowşan dollara bagly bolmagydyr. Reýtingiň awtorlary dirham arkaly hasaplaşyk edýän ýerli ýaşaýjylar üçin ýagdaýyň üýtgemändigini nygtaýar. Şeýle-de bolsa, Dubaý özüne çekiji işewürlik gurşawy we amatly ýerleşişi bilen durnukly sebit merkezi derejesini saklaýar. Ýöne maglumatlaryň sebitdäki durnuksyzlykdan öň ýygnanylandygy sebäpli, onuň netijeleri bu reýtingde entek hasaba alynmady.

Şu ýyl iň uly böküşi Sidneý şäheri görkezdi. Ol güýçli awstraliýa dollary we çetde ýerleşýän bazara importyň gymmatlygy sebäpli alty basgançak ýokary galyp, sekizinji orny eýeledi.

Hasabatda dollar hasabynda kaşaň durmuşyň bahasynyň ortaça 10,2%, lýuks harytlarynyň bolsa 12,3% ýokarlanandygy aýdylýar. Aýratyn-da, altynyň bahasynyň ösüşiniň fonunda şaý-sepleriň (+16,4%) we sagatlaryň (+15,5%) bahalarynyň ýokarlanandygy hasaba alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.