“Her gün Rim hakda pikir edýärin”: Ilon Mask iň gowy görýän audiokitaplarynyň sanawyny paýlaşdy

03.07.2024, 14:429,495

SpaceX-iň we Tesla-nyň başlygy, planetanyň iň baý adamlaryndan biri Ilon Mask özüniň X sosial ulgamynda halaýan audiokitaplarynyň sanawyny paýlaşdy. Sanaw, esasan, taryh we syýasat bilen baglanyşykly 11 eserden ybarat.

Maskyň teklip edenleriniň arasynda şu aşakdakylar bar:

  • Uill we Ariel Dýurant - “Siwilizasiýanyň taryhy” (“История цивилизации”) (11 tomdan ybarat);
  • Gomer - "Iliada";
  • Fridrih fon Haýek - “Gulçulyga barýan ýoly” (“Дорога к рабству”);
  • Uilýam Mançester - "Amerikaly Sezar: Duglas Makartur, 1880-1964";
  • Dewid Kuşner - “Doom-yň hökümdarlary” (“Властелины Doom”);
  • Adam Tuz - "Ýykgynçylyk üçin töleg: Nasistik ykdysadyýetiň döredilişi we ýykylyşy" (“Плата за разрушение: создание и разрушение нацистской экономики”);
  • Ernst Ýunger - “Polat tupanlarynda” (“В стальных грозах”);
  • Barbara Takman - "Awgust toplary" (“Августовские пушки”);
  • Gaý Ýuliý Sezar - “Gal söweşi barada bellikler” (“Записки о Галльской войне”);
  • Uilýam Bolito - "Taňrylara garşy on iki" (“Двенадцать против богов”);
  • Jek Uezerford – “Çingiz han”.

"Elbetde, bu sanaw Rim hakda her gün pikir edýänleri özüne çeker" - diýip, Mask meşhur internet memine  kakdyryp degişdi.

“Hakyky elhençlikleriň” goýnuna çümmek isleýänler üçin Saýmon Sebag Montefioreniň “Gyzyl monarhyň howlusy. Staliniň häkimiýet başyna geçişi” atly kitaby okamagy maslahat berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.