Windows-yň Notepad programmasynda 41 ýyldan soň harp ýalňyş barlaýjy peýda boldy

12.07.2024, 11:032,009

Windows-yň Notepad programmasynda orfografik (dürs ýazuw) barlag we awtomatiki düzediş funksiýalary peýda boldy. Täzelenme Windows 11-iň ulanyjylary üçin elýeterlidir diýip, The Verge habar berýär.

Bu funksiýa Word-daky orfografik barlaga meňzeş: ýalňyş ýazylan sözleriň aşagy gyzyl çyzyk bilen çyzylýar. Syçanyň sag düwmesini basanyňda düzediş görnüşleri hödürlenýär.
Microsoft bu funksiýalary 2024-nji ýylyň mart aýynda synagdan geçirip başlady. Notepad-a täze funksiýalaryň girizilmegi, geçen ýyl WordPad-yň Windows 11-den aýrylmagy bilen baglanyşyklydyr.
Notepad 1983-nji ýylda döredilip, iki ýyldan soň Windows 1.0-iň bir bölegi boldy. Soňky döwür Microsoft oňa nyşanlary sanamak we gijeki režim ýaly täze funksiýalary goşup başlady.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.