Aşgabatda Awtokombinat — Awtomenzil ugry boýunça täze awtobus ugry işe girizildi

16.07.2024, 11:1213,800

2024-nji ýylyň 14-nji iýulyndan Aşgabatda 72-nji «Awtokombinat — Awtomenzil» ugry boýunça täze awtobus gatnawy ýola goýuldy. 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň «Türkmenawtoulaglary» agentliginiň Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy tarapyndan ýola goýlan bu ugurdaky awtobuslar «Awtokombinat» belleniş nokadyndan ugrap, Gündogar köçesi boýunça hereket eder, şeýle hem hereketini Gurbansoltan eje şaýoly bilen Arçabil aýlaw ýoluna tarap dowam edip, Arçabil aýlaw ýoly bilen «Ak tam» bazaryna hem-de «Altyn asyr» Gündogar bazaryndan, A.Nyýazow şaýolunyň ugry bilen «Halkara awtomenzile» barar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.