Alymlar “Garaňky kometalaryň” hereketini çaklap bolmaýanlygy sebäpli, olary howply hasaplaýarlar

21.07.2024, 13:117,069

Alymlar Ýer üçin howp döredýän kosmos obýektleriniň täze görnüşini: “garaňky kometalary” tapdylar. Saturnyň dartyş güýji sebäpli Gün ulgamynda peýda bolan, çalt aýlanýan bu obýektler asteroidleriň we kometalaryň häsiýetlerini özünde jemleýär diýip, Live Science ýazýar.

"Garaňky kometalar" bulam-bujar orbitalarda hereket edýär, häzirki gurallar bilen  düýbünden görüp bolmaýar diýen ýaly we ugruny üýtgedip durýar, bu bolsa olaryň hereketini öňünden çaklamaga mümkinçilik bermeýär. Olaryň düzümine suw we uçýan elementler girýär, şol sebäpli olary Ýerdäki ýaşaýşyň “ata-babasydyr” diýip çaklasa bolar.
Mümkin bolan peýdalaryna garamazdan, “garaňky kometalar” çynlakaý howp döredýär. Tizliginiň ýokarydygy we häzirki ýüze çykaryş ulgamlaryna görünmezligi  onuň hereketini çaklamagy kynlaşdyrýar. Alymlar Ýeri mümkin bolan howplardan goramak strategiýasyny işläp düzmek üçin bu asman jisimleriniň “populýasiýasyny” öwrenmegiň zerurdygyny nygtaýarlar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.